Berdimuhamedow gazagystanly kärdeşlerini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 16.12.2021 08:07
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany Gutlagynda Gazagystan Respublikasynyň bu döwür içinde dürli ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş-ynsanperwer ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara giňişlikde ynamly öňe gitmegi dowam edýändigini belleýär.

“Biz ýakyn goňşymyzyň ýeten sepgitlerine begenýäris we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli kämilleşdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýip, türkmen Lideri Gutlagynda dostlukly ýurduň Prezidentine hem-de Nursultan Nazarbaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi. 


düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 11:17
2.9k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......