HOK Olimpiada-2028-iň maksatnamasyna gaýa dyrmaşmagy, sýorfingi we skeýtbordingi goşmak isleýär

HOK Olimpiada-2028-iň maksatnamasyna gaýa dyrmaşmagy, sýorfingi we skeýtbordingi goşmak isleýär

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) ýerine ýetiriji komiteti gaýa dyrmaşmagyň, sýorfingiň we skeýtbordingiň 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli bolandygyny göz öňünde tutup, olary 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Oýunlaryň maksatnamasyna goşmagy teklip etdi. Bu barada HOK-nyň prezidenti Tomas Bah ýerine ýetiriji komitetiň mejlisiniň ahyrynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Gaýa dyrmaşmak, sýorfing we skeýtbording Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen Oýunlaryň olimpiýa maksatnamasynda ilkinji gezek görkezildi.

“Bu üç görnüşiň geçen Olimpiadanyň geçirilmegine üstünlikli goşant goşandygyny bellemek gerek” – diýip, Bah aýtdy.

Tokiodaky Olimpiada 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçirildi.