«Sputnik Light» sanjymyy eýýäm 20 ýurtda tassyklanyldy

«Sputnik Light» sanjymyy eýýäm 20 ýurtda tassyklanyldy

Internet torunda 20 ýurduň Russiýanyň "Sputnik Light" sanjymyny ulanmak üçin tassyklandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada Lenta.ru habar berdi.

Bu "Sputnik V" sanjymynyň resmi Twitter hasabynda gürrüň berilmegine görä, hatda San Marinoda sanjymyň laýt wersiýasyny özbaşdak derman hökmünde bolşy ýaly, COVID-19-a garşy sanjymdan soň güýçlendiriji hökmünde hem ulanmak tassyklanyldy.

Russiýanyň senagat we söwda ministrliginde sanjym önümçiliginiň häzirki mukdarynyň ýurduň zerurlyklaryny we eksport borçnamalaryny ödäp biljekdigi mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, depgini mundan hem çaltlandyrmagyň manysynyň ýokdugy aýdyldy.