Berdimuhamedow Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak barada teklibi goldady

  • 17.11.2021 18:03
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de FAO-nyň hünärmenleri bilen bilelikde degişli Ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen Liderine hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, BMG-niň şu düzümi bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin birnäçe teklipler işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, FAO guramasynyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. FAO bilen bilelikde obasenagat toplumy, ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine degişli taslamalary durmuşa geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hususan-da, häzirki wagtda FAO tarapyndan «Merkezi Aziýada ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini artdyrmak arkaly bug gaz zyňyndylaryny azaltmaga ýardam bermek» atly sebitleýin taslama ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bu taslama goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi. Mundan başga-da, obasenagat toplumynyň hem-de tutuş milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, bu ugurda önümçilik tehnologiýalaryny gowulandyrmak we pagta ýygymyny mehanizasiýalaşdyrmak arkaly, pagtaçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen FAO bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek teklip edilýär.

Türkmen Lideri hödürlenen teklipleri, şol sanda Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň wekilhanasyny açmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......