Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşiň Stambul sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşiň Stambul sammitine gatnaşýar

Şu gün — 12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammiti geçiriler. Bu duşuşyga gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýede saparda bolar.

2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Azerbaýjanyň Nahiçewan şäherinde geçirilen sammitinde döredilip, iş tertibi 2010-njy ýylyň Stambul jarnamasynda berkidilen Türki geňeşe Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde gatnaşýar. Guramanyň esasy maksatdyr wezipelerini özünde jemleýän Nahiçewan jarnamasynda onuň döwletara hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ählumumy wehimlere garşy bilelikde göreşmek, adam hukuklaryny goramak ýaly ugurlarda iş alyp barýandygy hakynda bellenilýär.

Türki geňeşiň Stambulda geçiriljek nobatdaky sammiti Türkmenistan üçin taryhy waka bolar. Çünki, garaşylyşy ýaly, şol duşuşykda Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesi berler. Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim bilen bolan söhbetdeşliginde hem türkmen Lideri şu meselä degişli sowala jogap berip: «Men Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýip nygtady.