Şu gün Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirilýär

Şu gün Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirilýär

Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 11-nji noýabrda geçirilen maslahatda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew türkmen Liderine hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, komitetlerde Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 15-nji maslahatynda kabul edilen täze kanunlar, şeýle hem hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar boýunça seljermeler geçirilip, netijenamalar taýýarlanylýar.

Üçünji mejlisi geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi we onuň gün tertibi taýýarlanyldy. Oňa “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, döwlet emlägini, ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, hojalyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, telekeçilik başlangyçlaryny we ýurdumyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerini öz içine alýan kanunlar girizildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 12-nji noýabrda geçiriljek üçünji mejlisine gowy taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.