6-njy noýabr: Türkmenistanda howa sowaýar

6-njy noýabr: Türkmenistanda howa sowaýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 6-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, günorta etraplarynda +8° çenli maýyl, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 765 mm, çyglylygy 25 — 45%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 772 mm, çyglylygy 30 — 50%.
Balkanabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 773 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 747 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Tejen şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 758 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 5 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +5... +10° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 754 mm, çyglylygy 35 — 55%.
Baýramaly şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 753 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -6° sowuk, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 755 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Kerki şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 750 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -6° sowuk, gündizine +3... +8° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 770 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Köneürgenç şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 772 mm, çyglylygy 25 — 45%.