Saudi Aramco 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň nol derejesine çykmagy maksat edinýär

Saudi Aramco 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň nol derejesine çykmagy maksat edinýär

Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Aramco 2050-nji ýyla çenli bug gazynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Aramco özboluşly we kuwwatly platforma bolup, onuň bilen bu meseläni çözmek ugrunda (uglerod bitaraplygyny gazanmak) dünýä pudagyny alyp baryp bolar. Biz şu gün 2050-nji ýyla çenli kompaniýanyň ähli kärhanalarynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmakçydygymyzy habar bermäge şat” – diýlip, tekstde Patyşalygyň döwlet maýa goýum gaznasynyň dolandyryjysy Ýasir ar-Rumeýýanyň sözleri getirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Saudi Aramco-nyň bu bildirişi Saud Arabystanynyň 2060-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny nol derejä çenli azaltmak maksadynyň üstüni ýetirýär. Kompaniýa 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde çykaryljak durnukly ösüş baradaky hasabatynda has giňişleýin maglumatlary bermegi meýilleşdirýär.