Ronaldu Çempionlar ligasynyň rekordyny täzeledi

Ronaldu Çempionlar ligasynyň rekordyny täzeledi

«Mançester Ýunaýtediň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynda täze rekord goýdy. Bu barada Mirror habar berdi.

Şondan bir gün öň «PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi Ronaldunyň ozalky rekordynyň yzyndan ýetipdi: sişenbe güni ol “RB Leipzig” bilen (3:2). geçirilen oýunda iki gol geçirip, dubl edipdi.  Germaniýanyň bu kluby Messiniň Ýewropa klublary boýunça derwezesine gol geçiren 38-nji topary boldy. Şol mahal Kriştianu Ronaldunyň hasabynda-da şonça topar bardy.

Ýöne çarşenbe güni Ronaldu "Atalanta" bilen geçirilen oýunda (3:2) öz toparyna ýeňiş getirmegi başardy. Ondan öň portugaliýaly oýunçy hiç haçan bergamaskalylara garşy gol geçirip görmändi we bu Kriştianunyň Çempionlar ligasynda derwezesine gol geçiren 39-njy garşydaşy boldy.