Aziýa banky 2030-njy ýyla çenli howanyň maliýeleşdirilmegi üçin çykdajylary 100 mlrd dollara çenli artdyrar

Aziýa banky 2030-njy ýyla çenli howanyň maliýeleşdirilmegi üçin çykdajylary 100 mlrd dollara çenli artdyrar

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) ösüp barýan agza ýurtlaryna howany maliýeleşdirme mümkinçiligini bermek bilen bagly çykdajylary 2019-njy ýyldan 2030-njy ýyl aralygynda 80 mlrd dollardan 100 mlrd dollara çenli artdyrar. Bu barada ştab-kwartirasy Manilada bolan maliýe guramasynyň beýanynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Klimat çökgünligi günsaýyn ýaramazlaşyp, köpleri howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin serişdeleri artdyrmaga mejbur edýär. Biz bu çagyryşy kanagatlandyrmak üçin 2030-njy ýyla çenli bu ugurdaky bilelikde maliýeleşdirmek maksadymyzy hususy çeşmelerimizden 100 mlrd dollara çenli artdyrmak bilen zerur çäreleri görýäris” – diýip, bankyň prezidenti Masasugu Asakawa belledi. 

2018-nji ýylda bank amallarynyň umumy sanyndan 75%-iniň howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini goldamagyny we  2030-njy ýyla çenli hususy klimat üýtgemelerine garşy göreşi maliýeleşdirme çeşmeleriniň 80 mlrd dollara ýetmegini üpjün etmäge wada berdi.

AÖB 1966-njy ýylda döredildi. Onuň paýdarlary 68 ýurt bolup, olardan 49-sy Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýär.