Apple tanyşdyrylyş dabarasyndan soň iki iPhone modelini satuwdan aýyrdy

  • 19.09.2021 17:00
  • 16k+

Apple amerikan kompaniýasy täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň ertesi güni iPhone 12 Pro we iPhone XR smartfonlaryny satuwdan aýyrdy. Çarşenbe güni degişli modeller kompaniýanyň onlaýn dükanyndan aýryldy. Munuň sebäbini kompaniýa heniz mälim edenok diýip, new-retail.ru belleýär.

Apple özüniň her ýylda geçirilýän güýzki tanyşdyrylyş dabarasynda täze iPhone 13, iPhone 13 mini, iPhone 13 Pro we iPhone 13 Pro Max modellerini hödürledi. Täze önümler hödürlenenden soň, KHBS we sosial ulgamlardaky ulanyjylar täze modelleriň kompaniýanyň geçen ýyllardaky smartfonlaryndan kän bir tapawutlanmaýandygyny bellediler. 

Geçen ýyl tanyşdyrylyş dabarasyndan soň Apple satuwdan iPhone 11 Pro we 11 Pro Max modellerini aýrypdy. 2019-njy ýylda kompaniýa iPhone XS we XS Max bilen hem şeýle etdi.


19.05.2026 09:37
4.3k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....