1-nji sentýabr: Türkmenistanda täze mekdepleriň 7-si açylar, 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterler sowgat berler

  • 31.08.2021 17:37
  • 24k+

30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly wezipeler, täze 2021-2022-nji okuw ýylyna hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça sebitleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, degişli tabşyryklary berdi. Täze okuw ýylyna taýýarlyk meselesine aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynda täze okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 5-si ulanylmaga berler, şeýle hem Lebap welaýatynda täze mekdepleriň 2-si açylar. 1-nji sentýabrda okuwa barýan birinji synp körpeleriň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler gowşurylar.

Iş maslahatynyň dowamynda türkmen Lideri şeýle-de sebitleriň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge ünsi çekip, 3-nji sentýabrda badalga beriljek bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmegiň möhümdigini nygtady. Häkimlere ýerleri we ähli oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamagyň, kärendeçileri ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün etmegiň meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


16.06.2026 08:05
4.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
7k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....