Tomsuň soňky gününde Türkmenistanda nähili howa bolar?

Tomsuň soňky gününde Türkmenistanda nähili howa bolar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 31-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howany basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Arçabilde: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howany basyşy 707 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +34... +39° yssy, kenarýaka etraplarynda +31... +36° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 749 mm, çyglylygy 25 — 45%.
Awazada: howa +32... +34°, basyşy 755 mm, çyglylygy 35 — 55%.
Balkanabat şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 757 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +25° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Tejen şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Baýramaly şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17... +22° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Kerki şäherinde: howa +35... +37°, basyy 733 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +21°, gündizine +30... +35° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 747 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Köneürgenç şäherinde: howa +30... +32°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45%.