Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp, Günüň dogýan ýurdunda çäre geçirildi

  • 25.08.2021 14:09
  • 10k+

Tokio şäheriniň "Tokyo Metropolitan Art Museum” muzeýinde “Şin Nihon Bijitsukan” atly Ýaponiýanyň Täze sungat assosiasiýasy tarapyndan 53-nji “Şinten” Çeper döredijilik sungat sergisi geçirildi. Onda Ýaponiýanyň ussat suratkeşi Haýaşida Sueaki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap “Türkmenistana tarap ýol” atly surat eseri bilen çykyş edip, baýrakly orunlaryň birine mynasyp boldy. Bu barada neutrality.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Sergä Ýaponiýanyň suratkeşleriniň we sungat ussatlarynyň 300-den gowragy gatnaşyp,  öz döredijiligi bilen tanyşdyrdylar. 

Bu dabara Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow hem gatnaşyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy, onuň halkara gatnaşyklar ulgamynda tutýan orny, türkmen-ýapon gatnaşyklary barada çykyş etdi. Şeýle hem türkmen diplomaty ýapon sungat ussatlaryny ajaýyp eserleriniň üstünligi bilen gutlap, ýeňiji suratkeşlere sylaglary gowşurdy.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......