Tokio 2020: iň gowy netijeler, rekordlar, ýeňişler

Tokio 2020: iň gowy netijeler, rekordlar, ýeňişler
  • Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Puerto-Rikonyň wekili Žasmin Kamaço-Kuinn 100 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda altyn medal gazandy. Türgen 12,37 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny amerikaly Kendra Harrison, üçünji orny Ýamaýkadan Megan Tapper eýeledi.
  • Gresiýaly ýeňil atletikaçy Miltiadis Tentoglu uzynlygyna bökmekde altyn medal gazandy. Ýeňijiniň netijesi 8 metr 41 santimetr boldy. Kümüş medaly kubaly Huan Migel Eçewarriýa aldy. Onuň topardaşy Maýkel Masso bürünç medala mynasyp boldy.
  • Fransiýaly Žan Kikampua 25 metr aralykdan çalt atýan tüpeň bilen atmak boýunça ýaryşda ýeňiji boldy. Kikampua 34 utuk gazanyp, kubaly Leuris Puponyň Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryndaky rekordyny gaýtalady. Pupo Tokiodaky ýaryşda kümüş medal gazandy, bürünç medaly hytaýly Li Ýuehun aldy.
  • Hytaýly gimnastikaçy Lýu Ýan halkalarda maşklary ýerine ýetirmekde iň gowy netijeleri görkezdi. Indi onuň olimpiýa ýygyndysynda 2016-njy ýylda gazanylan bürünç medaldan başga-da, Oýunlaryň altyn medaly hem bar. Kümüş medaly hem hytaýly türgen Ýu Hao aldy. Bürünç medala gresiýaly Elefterios Petrunias mynasyp boldy.