Türkmen Lideri Awazada agtyklary bilen gämili gezelenç etdi

  • 02.08.2021 09:18
  • 36k+

Iýul aýynyň soňky gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

Ýüzüşiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, ajaýyp gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.
Türkmen Lideri agtyklarynyň çeper döredijilik bilen meşgullanýandyklaryna guwanýandygyny aýdyp, olara gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň berdi. Bu gürrüňleri uly höwes bilen diňleýän körpeler atalaryna özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Atasy agtyklarynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap berdi.
Bu gün watandaşlarymyzyň höwes bilen dynç alýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy abadanlaşdyrylan çäkleri hem-de kaşaň myhmanhanalary bilen myhmanlara giňden gujak açýar.


düýn 02:37
4.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baranynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 02:19
4.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi

4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz» atly ahalteke bedewine atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi...

düýn 02:14
10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» toparyna 3 million manat we at eýerleri sowgat berildi

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 02:14
7.5k+

Arkadag şäherindäki «At-myrat» okuw merkezine 1,5 million manat sowgat berildi

4-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we «At-myrat» okuw merkeziniň okuwçylary bilen duşuşdy...