Wise-premýer S.Berdimuhamedow Ýosihide Suga bilen duşuşdy

  • 25.07.2021 09:40
  • 18k+

24-nji iýulda Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministrine hem-de tutuş halkyna ýollan salamyny we mähirli sözlerini, şeýle-de XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirdi.

mfa.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähmiýetli meseleleri dogrusynda pikirleriň alyşylmagy üçin mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geçdiler.
Şunlukda, iki ýurduň sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketlerine seredilip geçildi, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň netijeliligi aýratyn bellenildi, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn guralynyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň yzygiderli özara hereketletiniň netijeliligini bellemek bilen, taraplar gaz, himiýa, ulag we oba hojalygy ýaly pudaklarda anyk taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ugurlaryň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlaryny kesgitlediler. Şeýlelikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny hem aýratyn belläp geçdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň, şeýle-de iki ýurduň Parlamentara dostluk toparlarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara gatnaşyklaryň netijeliligi hem aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, innowasiýalar we häzirki zaman tehnologiki çözgütler ulgamlaryndaky häzirki durmuşa geçirilýän we geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň depginine hem jikme-jik seredilip geçildi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......