Kanada 7-nji sentýabrda tutuş dünýä üçin serhetlerini açar

  • 20.07.2021 20:42
  • 6.7k+

Kanada 9-njy awgustdan doly sanjym alan amerikanlar, 7-nji sentýabrdan bolsa beýleki ýurtlaryň syýahatçylary üçin serhetlerini açar diýip, CBC News habar berýär. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

Şeýle-de, federal hökümet 9-njy awgustdan heniz sanjym almaga rugsat almadyk 12 ýaşa çenli çagalaryň Kanada girilenden soň, karantin talaplaryndan boşadyljakdygyny we jemgyýetçilik saglygy goraýyş çärelerini berjaý etseler, ene-atalary bilen aýlanyp biljekdigini aýtdy. Ýöne bu çagalara mekdep, lagerler we çagalar baglary ýaly toparlaýyn çärelerden daşda durmak maslahat berilýär.
Kanada gelýän daşary ýurtly syýahatçylar gelmezden 14 gün öň Kanadada ulanmaga rugsat berlen sanjymlaryň (Pfizer, Moderna, AstraZeneca ýa-da Johnson & Johnson) biri bilen doly sanjym alandyklary barada subutnama (iňlis ýa-da fransuz dilinde) bermeli. Ähli syýahatçylar şahsy maglumatlary bermek üçin ArriveCAN hökümet portalyndan peýdalanmaly. Eger olar hökümet tarapyndan girizilen düzgünleri berjaý etseler, Kanada gelenlerinde karantini geçmek hökmany bolmaz.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 13:01
8.2k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....