Nebitgaz pudagy boýunça 6 aýyň ösüş görkezijileri

  • 11.07.2021 06:38
  • 2.9k+

2021-nji ýylyň geçen alty aýynda nebitgaz pudagy boýunça ýerine ýetirilen işler baradaky sanlar hem maglumatlar:

  • Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 130,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 114,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 123,4 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň ösüşi bolsa 137,2 göterime deň boldy.

Şeýle hem şu ýylyň 6 aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,  «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça polietileniň we polipropileniň, «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça bolsa nebitiň çykarylyşynyň azalandygyny bellenildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda käbir nebit önümleriniň öndürilişi peseldi. Şoňa görä-de:

  • Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasynyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamak,
  • çig nebitiň, gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly artdyrmak tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, nebit guýularyny abatlamak işlerini öz wagtynda geçirip, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz ugradylmagyny üpjün etmek, tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň bu önüm bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin, ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmek zerurdyr.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak wajypdyr. Şeýle-de innowasion tehnologiýalar arkaly Hazar deňziniň geljegi uly bolan kenarýaka sebitlerinde alnyp barylýan geologiýa-gözlegleri işjeňleşdirip, täze ýataklary açmak we özleşdirmek üçin zerur işleri geçirmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky polimer zawodyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işini gowulandyrmak hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini özüne mahsus bolmadyk wezipelerden boşatmak üçin, bu zawodlary «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna bermek barada karara gelendigini aýdyp, degişli Karara gol çekdi we ýokarda agzalan konsernleriň ýolbaşçylaryna bu kärhanalary hasapdan-hasaba bermek hakyndaky ähli namalary gysga möhletde resmileşdirmegi tabşyrdy.


13.06.2026 15:16
6.4k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...