План по сбору урожая пшеницы в Туркменистане выполнен более чем наполовину

  • 18.06.2021 14:07
  • 18k+

17-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Maslahatyň başynda wise-premýer E.Orazgeldiýew galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzire çenli ýurdumyz boýunça 734 müň 45 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 52,43 göterim ýerine ýetirildi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu ýyl welaýatyň daýhanlary tarapyndan 50 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Orak möwsüminde welaýat boýunça bugdaý ýygýan kombaýnlaryň 162-si we galla daşaýan ýük awtoulaglarynyň 810-sy işledilýär. Möwsümde galla kabul ediş bölümleriniň 4-sinde ýygnalýan bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegi ýola goýuldy. Şu güne çenli Watan harmanyna 26 müň 312 tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 32,89 göterim ýerine ýetirildi.
Soňra welaýatyň etrap häkimleri gallaçy daýhanlar tarapyndan ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdiler.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatyň Serdar etrabynda bugdaý hasylyny daşaýan awtoulagyň sürüjisi E.Çalow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutany sürüjiniň hal-ýagdaýy, öý-içerileri, oba adamlarynyň iş we durmuş şertleri, şeýle hem söhbetdeşiniň näçe wagt bäri sürüji bolup işleýändigi, haýsy kysymly awtoulagy sürýändigi, tehnikanyň ýük göterijiligi, berkligi, howa şertlerimize çydamlylygy bilen gyzyklandy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz oba adamlarynyň çeper dilli we degişgen bolýandygyny belläp, iş-durmuş pursatlarynyň dürli ugurlaryna laýyklykda, degişgen häsiýetli käbir şygyr setirlerini döredýändiklerine ünsi çekip, çeper dilli oba adamlary tarapyndan döredilen setirleri mysal getirdi:
«Oba geldi «Sowa»,
«KAMAZ» geldi toba».
«Sowa» san boldy,
«KAMAZ» bolsa han boldy.

Döwlet Baştutany şeýle hem gallanyň şu ýylky ýagdaýy, sürüjiniň zähmet çekýän ýük awtoulagynda her gün näçe möçberde galla daşaýandygy bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe tabşyryklar berdi.


11.06.2026 13:44
3.8k+

Хлеборобы Дашогузского и Балканского велаятов присоединились к косовице

10 июня земледельцы Дашогузского и Балканского велаятов спустя неделю после остальных регионов страны приступили к уборке урожая пшеницы....

04.06.2026 12:34
5.4k+

В трёх велаятах Туркменистана началась жатва пшеницы

3 июня в Ахалском, Лебапском и Марыйском велаятах началась зерноуборочная кампания 2026 года....

02.06.2026 11:32
2.9k+

В Туркменистане заготовлено более 2,1 тысячи тонн коконов шелкопряда

Арендаторы-шелководы Туркменистана сдали государству более 2 100 тонн коконов шелкопряда, полностью выполнив предусмотренные на текущий год контрактные обязательства. Об этом в понедельник на рабочем совещании......

27.05.2026 14:21
5.5k+

Топ-30 стран обеспечивают более 80% мирового экспорта продовольствия

Экспорт продовольствия остаётся одним из ключевых показателей экономического влияния государств. Из данных Всемирной торговой организации (ВТО) следует, что более 80% мирового аграрного рынка общим объёмом в......