Bitkoiniň bahasy 40 müň dollardan ýokary galdy

Bitkoiniň bahasy 40 müň dollardan ýokary galdy

Ýakynda bitkoiniň bahasy 40 müň dollarlyk belligi döwüp, ösüşini çaltlaşdyrdy. Bu barada Praým agentligi habar berdi.

Binance biržasynda kripto pullar bilen söwdasynyň mukdary boýunça iň uly kripto walýuta hasaplanýan bitkoin Aşgabat wagty bilen duşenbe güni sagat 18.18-de 12,7% gymmatlap, 40,42 müň dollara ýetdi. Onuň soňky gije-gündiziň içinde ýeten iň ýokary derejesi 40,5 müň dollar boldy. 20-den gowrak birža boýunça ortaça bahany hasaplaýan CoinMarketCap portalynyň habaryna görä, bitkoiniň bahasy 11,9% ýokarlanyp, 40,22 müň dollara ýetdi.
Bitkoin soňky ösüşine ýekşenbe güni agşam başlady. Şonda "Tesla"-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask bu kripto walýutasy ekologiýa taýdan arassa bolanda kompaniýanyň ýene-de bitkoinlerde töleg kabul edip başlajakdygyny aýtdy.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, "Tesla" kompaniýasy özüniň awtoulaglaryny bitkoine satmagyny maý aýynda bes edipdi.