ABŞ-da dronlaryň futbol boýunça çempionaty döredildi

  • 11.06.2021 19:44
  • 6k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda dronlaryň futbol boýunça çempionaty döredildi. “Drone Soccer” diýlip atlandyrylýan bu ýaryş ilkinji gezek iýul aýynda ABŞ-da geçiriler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Ýaryşda dronlary dolandyrýanlar, ýagny operatorlar hökmünde mekdep okuwçylary çykyş ederler. ZDNet-iň pikiriçe, “Drone Soccer” meşhur "Garri Potter" filmindäki kwiddiç oýnuna çalym edýär. Dronlaryň futbol ýaryşy ilkinji gezek 2016-njy ýylda Günorta Koreýada peýda bolupdy. Indi bolsa ony ABŞ-da synap görmek kararyna geldiler.
Dronlaryň futbol ýaryşy, esasan, okuwçylara dron ýasamagy, olary programmirlemegi we dolandyrmagy öwredýän okuw-sportudyr. Oýnuň dowamynda biri-biri bilen arkaýyn çaknyşyp bileri ýaly, dronlaryň daşyna ekzoskelet geýdirilýär. Oýunda üç-bäş oýunçydan ybarat toparlar ýörite meýdançada ýaryşýarlar.
Ýaryş iýul aýynda ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň Kolorado-Springs şäherinde geçiriler diýip, çeşme habar berýär.

şu gün 19:30
1

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

şu gün 16:35
1.6k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

şu gün 15:38
802

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

şu gün 10:38
1.9k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....