Meizu doly derejede ak ekranly smartfony çykardy

  • 09.06.2021 10:36
  • 14k+

Meizu kompaniýasy ak ekran paneline eýe bolan özboluşly Meizu 18 smartfonuny hödürledi. Öndüriji bu wersiýanyň köpçülikleýin önümçilige goýberilmejekdigini we jemi 88 nusganyň çykarylandygyny belledi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Resmi habara laýyklykda, “ak reňk Meizu-nyň genlerinde hemişelik galar”. Meizu 18-iň bu wersiýasy üçin çykarylan ak panel müňlerçe gezek ýalpyldadyldy we bu dört tarapyndan egreldilen ilkinji ak reňkli ekran panelidir.
Meizu-nyň täze önüm boýunça menejeri Çžu Haýçžou ak panelleri döretmek prosesiniň örän kyndygyny aýtdy, ýagny bu prosese reňk bermek we örtmek, ýelimlemek prosesi, ölçegden çykma kynçylyklary we ş.m girýär. Şonuň üçin köp öndürijiler ak ekran panellerini çykarmak islemeýärler.
Mundan başga-da, Meizu-nyň wekili şeýle panelleri döretmek prosesiniň örän gymmatdygyny, ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmajakdygyny belledi. Şonuň üçin şeýle smartfonuň ekrany döwlen ýagdaýynda, diňe gara paneli oturtmaly bolýar.
Ýatlap geçsek, Meizu 18-iň standart wersiýasy 2021-nji ýylyň mart aýynda çykaryldy. 

düýn 11:29
3.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

düýn 11:16
770

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

düýn 09:59
937

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......