Tokioda COVID-19-a garşy iň uly sanjym merkezi açyldy

Tokioda COVID-19-a garşy iň uly sanjym merkezi açyldy

Ýaponiýa başlamagyna dokuz hepdeden az wagt galan Olimpiadanyň öňüsyrasynda koronawirusa garşy sanjym işini çaltlaşdyrmaga synanyşýar. Şu maksat bilen Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde günde 10 müňe golaý adama sanjym edip biljek iň uly COVID-19-a garşy sanjym merkezi açyldy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Sanjym merkezi Osakada hem açyldy. Häkimiýetler Tokioda günde 10 müň adama, Osakada 5 müň adama sanjym etmegi maksat edinýärler. Meýilnama boýunça, merkezler 24-nji awgustda öz işini tamamlamaly.
Sanjym deslapky ýazgy boýunça alnyp barylýar, häzirki wagtda 65 ýaşdan uly adamlara sanjym etmek birinji orunda durýar. Sanjym üçin iki günüň dowamynda 50 müň töweregi adam ýazyldy. COVID-19-a garşy sanjym almaga isleg bildirýänleriň ählisi nobat döremez ýaly wagt taýdan bölündi. Merkezlerde raýatlara näme etmelidigini düşündirýän köp işgär işleýär.
Belläp geçsek, Ýaponiýa häzirki wagtda ilatyň sanjym derejesi boýunça beýleki ykdysady taýdan ösen ýurtlardan yza galýar.