Norwegiýanyň uniwersitetlerinde daşary ýurtly dalaşgärleriň sany artýar

  • 18.05.2021 21:26
  • 10k+

Koronawirus pandemiýasyna garamazdan, Norwegiýanyň ýokary okuw mekdepleri 2021-nji ýylda daşary ýurtly talyplardan has köp arza kabul edýärler diýip, www.unipage.net habar berýär.

Ýagny, Oslo Metropolitan University-de daşary ýurtly talyplardan gelýän arzalaryň sany 184% artdy. Beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem uly görkezijileri getirýärler. Günorta-Gündogar Norwegiýa uniwersitetinde daşary ýurtly dalaşgärleriň sany 60%, Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlarynyň uniwersitetinde (NTNU) – 38%, Stawanger uniwersitetinde – 7,6% artdy.
Dalaşgärleriň köpüsi iňlis dilindäki programmalara gyzyklanma bildirýär. Iň meşhur ugurlar bolsa maglumat ylymlary, töwekgelçilik analizi, MBA, energetika we daşky gurşawdyr. Norwegiýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň sany köp, şeýle-de bolsa ol ýere hemmeler girip bilmeýär. Olarda ortaça kabul ediş derejesi 20%-dir, Stawanger uniwersitetinde bolsa bu görkeziji bary-ýogy 8%. Mundan başga-da, Norwegiýa örän gymmat ýurt. Ýewropadaky ýaşaýyş bahasynyň indeksi boýunça ol diňe Şweýsariýadan yza galýar. COVID-19 pandemiýasy hem goşmaça çäklendirmelere getirýär. Bu sebäpli talyplaryň öz ýurtlarynda uzak aralykdan okamak ähtimallygy bar.
Belläp geçsek, Norwegiýanyň döwlet uniwersitetleri okuw diline we alýan derejesine garamazdan, ýerli we daşary ýurtly talyplardan okuw üçin töleg almaýar. Norwegiýa Ýewropanyň şeýle bilim syýasatyny alyp barýan soňky ýurtlarynyň (Germaniýa we bölekleýin Awstriýa bilen bilelikde) biri bolmagynda galýar.

düýn 17:06
2.2k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 19:43
1.5k+

Şanhaýda ynsanpisint robotlar üçin mekdep açylýar

2026-njy ýylyň iýul aýynda Şanhaýyň ýokary tehnologiýaly Žanszýan sebitinde meýdany 5000 inedördül metrlik innowasion tälim merkezi açylar. Bu merkez dürli öndürijileriň robotlaryny bilelikde okatmak we......

30.05.2026 17:05
8.5k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......