Sobolenko Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy

  • 08.05.2021 13:43
  • 3.3k+

Belarusly tennisçi Arina Sobolenko (dünýä reýtinginde 7-nji) Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Belarusuň birinji raketkasy rus garşydaşy Anastasiýa Pawlýuçenkowa garşy duşuşyga ynamly başlady (41-nji) we garşydaşyna hiç hili mümkinçilik galdyrman, 6:2, 6:3 hasabynda ýeňiş bilen tamamlady. Duşuşyk bir sagatdan gowrak dowam etdi.
Final duşuşygynda Sobolenko dünýäniň ilkinji raketkasy - awstraliýaly tennis ussady Eşli Barti bilen göreşer. Ýeri gelende aýtsak, garşydaşlar Ştutgartda geçirilen ýaryşyň finalynda eýýäm duşuşdylar. Onda awstraliýaly tennisçi üstün çykypdy.
Sobolenko eýýäm dünýä reýtinginde bäşinji orny - karýerasyndaky iň gowy netijäni kepillendirdi. Eger-de finalda ýeňiş gazansa, Arina dördünji setire geçer.
2,5 million ýewrodan gowrak baýrakly ýaryş 8-nji maýda şenbe güni tamamlanar.

düýn 23:18
1.1k+

Ispan futbol konfederasiýasy Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşýanlar üçin pul baýragyny ýokarlandyrdy

Şu ýyl Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşylandygy üçin berilýän pul baýraklary ýokary bolar. Patyşalyk ispan futbol konfederasiýasy (RFEF) ýaryşyň abraýyny ýokarlandyrmak we toparlary höweslendirmek üçin gaznany artdyrmak kararyna geldi...

düýn 13:31
5.6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwalyny geçirdi

7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy diýip, federasiýada habar berdiler...

düýn 13:24
12k+

Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär...

düýn 10:58
3.8k+

FIDE dünýäniň küşt täji üçin dalaşgärleriň sanawyny hödürledi

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) öz resmi saýtynda dalaşgärleriň we zenan dalaşgärleriň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanawyny hödürledi. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri dünýäniň küşt täji üçin bäsleşmäge hukuk gazanar. Ýaryşlar 29-njy martdan 15-nji aprel aralygynda Kipriň günorta-günbataryndaky Pafos şäheriniň golaýyndaky otelde geçiriler...