Türkmenistanda uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanda uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Beýik Watançylyk urşundan gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynda pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplarynyň häkimliklerine 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiň mejlisinde türkmen Lideri 9-njy maýda uly baýramyň - Ýeňiş gününiň bellenip geçiljekdigine ünsi çekdi. Şu ýyl bu şanly senäniň Oraza aýyna gabat gelýändigi üçin hormatly Prezidentimiz ähli dabaraly çäreleri 9-njy maýda agşam geçirmegi teklip etdi. Şol gün Bekrewedäki ýadygärlikler toplumyna gül goýlar. Soňra bolsa, sadaka berip, uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanylar.