Türkmenistanda şu hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanda şu hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa maglumatyny çap etdi.

Mary welaýatynda hepdäniň birinji ýarymynda bulutly howa bolup, kä ýerlerde ýagyş ýagar. Duşenbe-penşenbe günleri howanyň +30 - +25 dereje bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ikinji ýarymynda howa maýlap, +31-den + 36 derejä çenli gyzyp başlar.
Daşoguzda hepdäniň tutuş dowamynda howanyň kem-kemden maýlap başlamagyna garaşylýar. Duşenbe güni +29 derejeden başlap, hepdäniň ahyryna çenli +36 derejä ýeter. Ygalsyz bolup, hepdäniň birinji ýarymynda orta bulutly howa bolar.
Lebap welaýatynda hepdäniň birinji ýarymynda orta bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň derejesi çarşenbe gününe çenli +27 - +31 dereje üýtgäp durar. Penşenbe gününden temperaturanyň ýokarlanmagyna garaşylýar we ýekşenbe gününe çenli howa +35 dereje gyzar.
Balkanabatda üýtgäp durýan howa bolar. Hepdäniň başynda az-kem ýagyşly +25 dereje howanyň bolmagy çak edilýär. Hepdäniň ortalaryna - +30 dereje, ondan soň temperatura +26 we +27 dereje düşer, ýagyş we ýyldyrym çakmagy ähtimal.
Aşgabat we Ahal sebitlerinde hepdäniň başy salkyn bolar. Duşenbe we sişenbe günleri temperatura +22 - +26 dereje bolar. Az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Çarşenbe güni güneşli howa bolup, +31 dereje gyzar. Bu howa hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.