Türkiýede 29-njy aprelden 17-nji maýa çenli doly lokdaun girizilýär

  • 27.04.2021 23:33
  • 37k+

Türkiýäniň häkimiýetleri 29-njy aprelden 17-nji maý aralygynda ýurduň çäginde doly lokdaun girizýär. Bu barada duşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ministrler kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

“Çäreleriň netijesinde biz netije alyp başladyk. Remezandan soň kadaly durmuşa gaýdyp gelmek üçin bize täze kesel ýagdaýlarynyň sanyny bir günde bäş müňe çenli azaltmak gerek. Ýogsam, biz syýahatçylyk işine dolanyp bilmeris. 29-njy aprelde sagat 19:00-dan 17-nji maýda irden sagat 05:00-a çenli doly lokdaun giriziler. Içeri işler ministrligi tarapyndan aýratyn görkezilenlerden başga ähli ofisler, iş orunlar ýapylar. Şäherara gezelençler hökmany rugsat bilen amala aşyrylar, jemgyýetçilik ulaglary 50% iş ýüki bilen işlär” – diýip, ol aýtdy.
 

16-njy aprelde Türkiýede koronawirus ýagdaýynyň sanynyň gündelik ösüşi 63082-ä ýetip, pandemiýa başlany bäri iň ýokary derejäni görkezdi, 21-nji aprelde bir günde iň köp ölüm hasaba alyndy – 362.

şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.1k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....