«Ruh» multfilmi «Annie Awards 2021» baýragyna mynasyp boldy

  • 20.04.2021 11:36
  • 6.2k+

Meşhur “Pixar” studiýasynyň "Ruh" (“Soul”) multfilmi geçen ýyl animasiýada gazanan iň gowy üstünlikleri üçin “Annie Awards 2021” baýraklaryna mynasyp boldy. Şeýlelikde, multfilm esasy baýragy — "doly metražly iň gowy multfilm", "iň gowy saz" ýaly 7-ä golaý baýrak almagy başardy.

"Ruh" (“Soul”) multfilminde aradan çykan, ýöne arzuwyny amala aşyrmak üçin dirileriň dünýäsine dolanmak isleýän jaz sazandasy hakda gürrüň berilýär.
Mundan başga-da, “Ýyldyz söweşleri” äleminde goýlan “Mandalorly” teleserialy hem baýraga mynasyp boldy. Serial bu baýragy iň gowy animasiýa keşpleri üçin aldy.
Animasiýa filminiň iň gowy režissýory diýlip bolsa, “Möjekler hakda rowaýat” animasion filmini surata düşüren Tommi Mur we Ross Stýuart ykrar edildi. Bu film Annie baýraklarynda "doly metražly iň gowy garaşsyz animasiýa" ugry boýunça hem tapawutlandy.
Ýeri gelende bellesek, Annie baýraklaryny alan multfilm köplenç Oskar baýragyna mynasyp bolýar diýip, çeşme nygtap geçýär.

şu gün 12:04
1.3k+

«Metallica» toparynyň Afinadaky konserti kiçiräk ýertitreme döretdi

«Metallica» amerikan toparynyň Gresiýanyň paýtagtynda geçiren konserti mikroseýsmiki sarsgynlara sebäp boldy. Çykyş Afinanyň Olimpiýa stadionynda bolup geçdi we ol toparyň Ýewropa boýunça syýahatynyň......

şu gün 11:36
472

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

şu gün 11:33
727

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

şu gün 11:27
1.9k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....