Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry: «Real» we «Siti» birinji duşuşyklarynda ýeňiş gazandy

  • 07.04.2021 12:50
  • 9.3k+

Çarşenbä geçilýän gije Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

«Mançester Siti» öz meýdançasynda Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:1 hasabynda ýeňdi. «Sitiniň» düzüminde Fil Foden we Kewin de Bröýn tapawutlanmagy başardy. Nemes klubundan Marko Roýs gol geçirdi.
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň beýleki duşuşygynda «Real» «Estadio Alfredo Di Stefano» stadionynda «Liwerpuly» kabul etdi. Duşuşyk madridli klubuň peýdasyna 3:1 hasap bilen tamamlandy. «Realyň» düzüminde Winisius Junior dubl etdi, şeýle hem Serhio Asensio bir gol geçirdi. Iňlis klubunyň düzüminde ýeke-täk pökgini Mohamed Salah geçirdi.
Bu klublaryň arasyndaky jogap duşuşyklary 14-nji aprelde geçiriler.

şu gün 21:24
2.4k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

şu gün 11:59
2.3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

şu gün 11:48
1.6k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

şu gün 11:45
2.9k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...