Türkmenistanyň drama teatrlary 1-nji aprelden işläp başlar

Türkmenistanyň drama teatrlary 1-nji aprelden işläp başlar

1-nji aprelden Aşgabatdaky we welaýatlardaky drama teatrlarynyň işine çäklendirmeler ýatyrylýar.

Bu çözgüdi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary topary kabul etdi diýip, turkmenteatrlary.gov.tm saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, teatr sahnalary her anna, şenbe we ýekşenbe günleri 19:00-da synag tertibinde görkeziler.