Taýson Holifild bilen üçünji söweşden ýüz öwürdi

Taýson Holifild bilen üçünji söweşden ýüz öwürdi

Boks boýunça agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony amerikaly Maýk Taýson ozalky çempion Ewander Holifild bilen üçünji söweşden ýüz öwürdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Öň 54 ýaşly Taýson maý aýynyň ahyrynda Maýamide geçiriljek söweşe taýýarlyk görýändigini mälim edipdi. Habar beriş serişdeleri ähtimal garşydaşyň 58 ýaşly Holifild bolup biljekdigini ýazypdylar.

"Şertnama eýýäm doly ylalaşylan ýalydy, ýöne Taýsonyň wekilleri biziň ähli tekliplerimizi ret edensoň, şertnama derrew puja çykdy" -diýip, Holifildiň menejeri Kris Lourens aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Holifildiň wekilleri gepleşikler üçin yhlas edipdirler. "Biderek wagt ýitirdik öýdýän"-diýip, menejer belleýär.
Öň Taýson bilen Holilfild ringde iki gezek duşuşdylar. 1996-njy ýylda Ewander ýeňşini baýram etdi. Bir ýyldan soň bolsa Maýk söweş gidip durka garşydaşynyň gulagyndan dişledi we boksdan çetleşdirildi.
Taýson 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Roý Jons bilen görkezme söweşini geçirdi. Söweş deňme-deňlikde tamamlandy.
58 ýaşly Holifild iň soňky gezek ringe 2011-nji ýylda girip, Braýan Nilsenden üstün çykypdy.