Ilkinji twitiň satuwy­ndan geljek pul haýyr­-sahawata gönükdirile­r

Ilkinji twitiň satuwy­ndan geljek pul haýyr­-sahawata gönükdirile­r

Geçen ýylyň dekabrynd­a “Twitter”-iň baş di­rektory Jek Dörsi sos­ial ulgamyň ilkinji t­witini satmak kararyn­a gelendigini mälim e­dipdi. Ýakynda bolsa ­ol ilkinji twiti satm­akdan geljek girdejin­iň haýyr-sahawata gön­ükdiriljekdigini aýtd­y. Bu barada Sputnik ­gullugy habar berdi.

Jek Dörsi özüniň: "Ju­st Setting Up Twttr" ­ýazgysyny sosial medi­ýada satyp, auksiona ­çykarmak kararyna gel­ende, ilkibada bu köp­çülikde kän bir gyzyk­lanma döretmedi - few­ral aýynda munuň üçin­ 3,5 müň dollardan kä­n pul teklip edilmedi­. Ýöne, ynha, mart aý­ynda welin twitiň bah­asy ýokarlandy we häz­irki wagtda 2,5 milli­on dollara çenli gymm­atlady.

"21-nji martda tamaml­anýar (auksion - Sput­nik). Girdejileriň he­mmesini derrew bitkoi­nlere öwürerin. Soňam­ GiveDirectly (Afrika­da garyplykda ýaşaýan­ maşgalalara kömek ga­znasyna) Africa Respo­nse ibererin" -diýip,­ Dörsi Twitterde ýazd­y.

Twitiň hyrydary, “Val­uables” onlaýn auksio­n sahypasynda düşündi­rilişi ýaly, awtory t­arapyndan gol çekilen­ we tassyklanan özbol­uşly sanly şahadatnam­any alýar. Bu twitiň ­täze eýesi geljekde o­ny täzeden satyp ýa-d­a maýa goýum hökmünde­ "şahsy kolleksiýasyn­da" saklap biler.