R.Meredow Aşgabatda Raýatsyzlyk boýunça Sebitleýin maslahaty geçirmegi teklip etdi

  • 26.02.2021 17:17
  • 14k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filippo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi.
Belläp geçsek, 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça #Ibelong global kompaniýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bu ähmiýetli meseleleriň öňüniň alynmagy hem-de dolulygyna çözülmegi boýunça bilelikdäki işler netijeli alnyp barylýar. 15 ýylyň dowamynda dürli etniki toparlarynyň wekilleri bolan 26 müňden gowrak adamlara Türkmenistanyň raýatlygy berildi.  
Şunlukda raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi boýunça oňyn tejribä eýe bolmak bilen, türkmen tarapy Aşgabatda göni gatnaşyk hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy formatynda Raýatsyzlyk boýunça Sebitleýin maslahatyň geçirilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.
2012-nji ýylda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň sebit derejesinde bu meseleleriň oňyn çözgüdine ähmiýetli goşant goşandygy hem bellenilip geçildi. Şunuň bilen birlikde, ýokarda agzalan Jarnamanyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy bilen baglylykda, 2022-nji ýylda «Аşgabat + 10» Syn beriji maslahatyň geçirilmeginiň derwaýyslygy beýan edildi.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......