D witaminiň ýetmezçiligi bedene nähili täsir edýär?

  • 13.02.2021 22:34
  • 17k+

Bilşimiz ýaly, D witamininiň esasy wezipesi — fosforyň we kalsiýniň bedene siňmegini üpjün etmek. Şunuň bilen baglylykda, trawmatolog-ortoped lukmany Olga Limorenko D witaminini kabul etmegiň käbir ýönekeý düzgünleri hakynda gürrüň berdi diýip, menslife.com ýazýar.

Onuň aýtmagyna görä, D witaminini D3-e we D2-ä bölmeli. Olaryň birinjisi - holekalsiferol bedene ultramelewşe şöhleleri arkaly girýär, ikinjisi - ergokalsiferol bolsa iýmitiň düzüminde bolýar. D2 witamininiň ýeterlik bolmagyny üpjün etmek üçin ýagly süýt önümlerini we ýagly balyklary iýmeli. Ol belli bir mukdarda ýumurtganyň, şeýle hem "lisiçka" diýlip atlandyrylýan kömelekleriň düzüminde hem bar. Bu önümler güneşli günleri az bolýan sebitlerde ýaşaýan adamlar üçin has-da peýdalydyr.
D witamininiň ýetmezçiligi süýji keseliniň, awtoimmun keselleriniň we psoriaz keseliniň döremegine sebäp bolýar. Myşsalaryň umumy gowşaklygy gandaky kalsiýniň ýeterlik mukdary bilen hem baglanyşyklydyr.
Ýeri gelende bellesek, D witamini diňe ähli degişli barlaglardan geçensoň we lukmanyň maslahaty boýunça kabul etmeli. Sebäbi aşa köp witamin bedene ýaramaz täsir edýär.

düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......