Aşgabatda “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagy gurlar

Aşgabatda “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagy gurlar

Aşgabat şäherinde “Altyn kölüň” kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagy gurlar. Degişli Karara şu gün Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirer.
Şeýle hem ministrlige “Altyn kölüň” kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.