Dünýäde COVID-19-a garşy sanjym alanlaryň sany kesellänleriň sanyndan geçdi

  • 04.02.2021 16:17
  • 16k+

Resmi maglumatlaryň esasynda geçirilen hasaplamalara görä, 3-nji fewralda koronawirusa garşy sanjym edilenleriň sany ilkinji gezek kesellänleriň sanyndan geçdi. Bu barada aif.ru habar berýär.

Sanjymy azyndan 105,1 million adam aldy, pandemiýa başlany bäri kesellänleriň sany bolsa, takmynan, 103,9 milliona barabar. Hopkins uniwersitetiniň 3-nji fewralda irdenki maglumatlaryna görä, dünýäde kesel ýagdaýynyň takyk sany – 103 877 370, ýogalanlaryň sany – 2 253 170.
Sanjym edilen ilatyň iň ýokary göterimi Ysraýylda (56,86%), ikinji orunda BAE (38,83%), üçünji orunda Seýşel adalary (36,25%) ýerleşýär. On göterim çäkden Beýik Britaniýa (15,3%), Bahreýn (11,02%) we ABŞ (10,3%) geçdi.
Sanjym edilenleriň sany boýunça ABŞ öňdebaryjydyr (33,7 mln). Onuň yzyndan Beýik Britaniýa gelýär, ol ýerde deňziň aňyrsyndaky meýdanlary, Normand adalaryny we Men adasyny hasaba alanyňda, 10,2 million adama sanjym edildi. Ysraýyl 5,05 million sanjym alanlar bilen üçünji orny eýeleýär.
Russiýada koronawirusa garşy azyndan 1 million adama sanjym edildi.

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....