Black Lives Matter hereketi Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenildi

  • 31.01.2021 01:18
  • 4.7k+

Jynsparazlyga garşy hereket bolan Black Lives Matter (BLM) 2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenildi. Şeýle başlangyç bilen Norwegiýanyň parlament deputaty Petter Eýde çykyş etdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, iz.ru habar berýär.
Eýdeniň pikiriçe, bu hereket “jyns taýdan kemsitmelere garşy global göreşiň” möhüm bölegi boldy we bütin dünýäde bu mowzuga ýokary ünsi çekmegi başardy.

“Men biziň Amerikada, Ýewropada we Aziýada ýüzbe-ýüz bolýan esasy meselelerimiziň biri – bu deňsizlige esaslanýan dawalaryň güýçlenmegi diýip hasaplaýaryn. Black Lives Matter jyns taýdan adalatsyzlyga garşy göreşmekde möhüm bütindünýä hereketine öwrüldi. Olar tutuş dünýäde jyns taýdan adalatsyzlyk barada habardarlygy ýokarlandyrmakda uly üstünlik gazandylar” – diýip, Eýde aýdýar.

Black Lives Matter hereketi 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Ol 2020-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Minneapolisde polisiýa tarapyndan afro-amerikaly Jorj Floýd öldürilenden soň, uly meşhurlyk gazandy. Şondan soň bu hereket tarapyndan gurnalan nägilelik topary ABŞ-da we birnäçe günbatar ýurtlarynda ýaýrady.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......