UEFA Ýewro-2020-niň 12 şäherde geçiriljekdigini tassyklady

UEFA Ýewro-2020-niň 12 şäherde geçiriljekdigini tassyklady

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) prezidenti Aleksandr Çeferin 2020-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň 12 şäherde geçiriljekdigini tassyklady. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

Çeşme Ýewropa çempionaty-2020-niň geçiriljek stadionlarynda tomaşaçylaryň bolup-bolmajakdygy baradaky kararyň aprel aýynda kabul ediljekdigini belleýär.

“Ýaryşyň geçiriljek wagty golaýlanda wirus bilen bagly ýagdaýlar üýtgär diýip umyt edýärin. Janköýerler bilen futbol başgaça bolýar. Biz futbol janköýerlerini gysga wagtda stadionlara gaýtaryp getirmegiň ugruny tapmak üçin özümize aňrybaş derejeli giňişlik döretmelidiris"-diýip, UEFA-nyň resmi web saýty Çeferiniň sözlerini getirýär.

Ýeri gelende bellesek, Ýewro-2020 oýunlary 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda 12 şäherde geçiriler.