Türkmenistan we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

  • 29.01.2021 07:44
  • 5.6k+

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn taraplaryny belläp geçdiler, şonuň ýaly-da özarabähbitli gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler.
Mundan başga-da, duşuşykda dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlary, şol sanda Ýapon halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) bilen özara hereketleri işjeňleşdirmek arkaly bilelikdäki maýa goýum meselelerine hem seredilip geçildi.  

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......