“Inter” resmi adyny we nyşanyny üýtgeder

  • 20.01.2021 19:52
  • 10k+

Milanyň “Internazionale” futbol kluby  ýakyn wagtda resmi adyny çalyşmagy we  logotipine üýtgetme girizmegi meýilleşdirýär.

"Football Italia"-nyň berýän habaryna görä, klubda şeýle uly üýtgeşmeler 2021-nji ýylyň martyna meýilleşdirilýär. Klubuň öňki “Football Club Internazionale Milano” ady gysgaldylyp, “Inter Milano” adyna üýtgediler. Bu üýtgeşmäniň klub bilen şäheriň arasyndaky baglanyşygy nygtamak üçin girizilýändigi habar berildi.
Klubuň täze nyşanynyň nähili boljakdygy belli däl, ýöne onuň esasy elementleri I we M  harplary bolar diýlip çaklanylýar.
Italiýanyň habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, britan maýa goýum kompaniýasy häzirki wagtda “Inter”-den paý satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Şeýle hem, klub ýakyn wagtda özüniň hemaýatkärini üýtgeder: "Pirelli" firmasynyň ýerine heniz ady mälim edilmedik başga bir kompaniýa geler.

şu gün 14:40
813

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

şu gün 14:25
2.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 10:24
595

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....