Aguero karýerasyny "Barselonada" ýa-da "PSŽ-de" dowam etdirip biler

  • 14.01.2021 19:15
  • 7.6k+

"Mançester Sitiniň" argentinaly hüjümçisi Serhio Aguero karýerasyny Ispaniýanyň ýa-da Fransiýanyň ligasynda dowam etdirip biler diýip, “The Sun” neşirine salgylanyp, Sputnik agentligi habar berýär.

32 ýaşly hüjümçiniň iňlisleriň “Mançester Siti” topary bilen şertnamasy şu ýylyň tomsunda tamamlanýar, şonuň üçin oýunçy şertnamanyň gutarmazyndan alty aý öň beýleki klublar bilen gepleşikleri geçirip biler. Çeşmäniň habaryna görä, häzirki wagtda Aguero bilen "Barselona" we "PSŽ" klublary gyzyklanýar.Ş
Şeýle-de bolsa, argentinaly ýyldyzyň özi "Mançester Siti" bilen şertnamasynyň uzaldylmagyna bil baglaýar. Agueronyň bu toparyň düzüminde dokuz ýyl bäri çykyş edip gelýändigini bellemelidiris.
Bu möwsümde argentinaly hüjümçi ähli ýaryşlarda dokuz oýun oýnap, iki pökgini öz adyna ýazdyrdy.

düýn 16:14
2.7k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
5.7k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 18:17
7.7k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

27.04.2026 16:45
6.5k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....