ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen brifing geçirildi

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen brifing geçirildi

8-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd bilen brifing geçirildi.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasynda goýlan bitaraplygyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryna ýokary baha berdi.
Merkeziň ýolbaşçysy halkara gatnaşyklarda islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullary giňden ulanmagyň örän wajypdygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryny hem-de bu ugurda görülýän yzygiderli anyk çäreleri goldap çykyş etdi.

“Aşgabat resminamasynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini mübärekleýändigini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir, çünki topar halkara syýasy hyzmatdaşlygy gowulandyrmak maksady bilen, bitaraplygyň mümkinçiligini peýdalanmak boýunça deňhukukly gatnaşyklary goldamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edip biler” diýip, hanym Natalýa Drozd aýtdy. Şeýle hem ol bu resminamanyň Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň mundan beýläk-de bilelikde işlemegi üçin ugur görkeziji bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.