Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä belledi we boşatdy

  • 07.01.2021 19:15
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda,

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allaberdiýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
2-­nji derejeli ýurist Şöhrat Sapardurdyýewiç Taýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
2-­nji derejeli ýurist Nowruz Gurbanowiç Amanow Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, 1-­nji derejeli ýurist Sähetdurdy Meretdurdyýewiç Atajanow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýändigi barada hünär synagynyň netijesi boýunça ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begenç Hydyrowiç Taganow Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......