Hytaý koronawirusa garşy öz sanjymynyň bazara çykarylmagyna rugsat berdi

Hytaý koronawirusa garşy öz sanjymynyň bazara çykarylmagyna rugsat berdi

Hytaýyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik boýunça döwlet müdirligi koronawirusa garşy aktiwleşdirilmedik sanjymynyň bazara çykarylmagyna rugsat berdi, diýip riafan.ru habar berýär.

Sinopharm kompaniýasynyň sanjymy 79% netijelilik görkezdi. Ol eýýäm birnäçe ýurtda kliniki synaglardan geçýär we Hytaýyň özünde ilata täze koronawirusa garşy gyssagly sanjym etmek kampaniýasynyň çäginde ulanylýar.

"Sinopharm korporasiýasynyň China National Biotech Group kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen COVID-19-a garşy sanjymy goşmaça şertler bilen bazara çykarylmak üçin eýýäm rugsat aldy"-diýip, HHR-iň Merkezi telewideniýesinde habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde, geljekde koronawirusyň täze görnüşine garşy sanjym tarapyndan döredilen gorag mehanizminiň täsirliligine we berkligine yzygiderli gözegçilik ediler.
Koronawirus pandemiýasy indi dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly ýaýrady. Häzir döwletler bu ýokançlyga garşy öz sanjymlaryny taýýarlaýarlar. Bu babatda Russiýa ilkinji bolup koronawirusa garşy öz sanjymyny bellige aldy.