Ýene-de Lewandowski. Žurnalistler ýylyň iň gowy türgenlerini yglan etdiler

  • 31.12.2020 15:34
  • 5.1k+

Halkara sport metbugaty birleşigi (AIPS) resmi web sahypasynda 2020-nji ýylyň iň oňat türgenleriniň sanawyny çap etdi. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, "Bawariýanyň" hüjümçisi Robert Lewandowski 2020-nji ýylyň iň gowy türgeni diýlip saýlandy. Polşaly futbolçy 16,3 göterim ses aldy. Ikinji orny “Formula-1” sürüjisi Lýuis Hemilton (14,3 göterim), üçünji orny belli tennisçi Rafael Nadal (9,9 göterim) eýeledi.
Ýylyň iň oňat zenan türgeni tennisçi Naomi Osaka boldy. Pikir soraşma gatnaşanlaryň 13,85 göterimi oňa ses berdi. Ol bu babatda uzynlygyna bökmekde dünýä rekordynyň eýesi Ýulimar Rojasy we tennisçi Serena Williamsy yzda galdyrdy.
2020-nji ýylyň iň gowy topary "Bawariýa" boldy (34,6 göterim). Bu babatda ol “Liwerpuly” (19,8 göterim) we “Los-Anjeles Leýkersi” (17,3 göterim) yzda galdyrdy.

düýn 20:56
3.4k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar...

düýn 10:49
4.7k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder...

25.12.2025 13:33
5.7k+

Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa  Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy...

25.12.2025 11:23
5k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler...