Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasy yşyklaryny ýakdy

  • 16.12.2020 12:22
  • 20k+

15-nji dekabrda Türkmenistanyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakyldy. Munuň özi hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.
Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.
Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikleri ýatladýan çäredir, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin ýörite täze ugur düzülýär. Olar owadan ulagda Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşýärler. Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar.
Şu ýyl bu ýol Taslama köçesiniň hem-de Magtymguly şaýolunyň çatrygyndan başlandy, Şol ýerde ýakynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......