Messi bilen Ronaldu 947 günden soň ilkinji gezek meýdançada gabatlaşarlar

Messi bilen Ronaldu 947 günden soň ilkinji gezek meýdançada gabatlaşarlar

“Ýuwentus” 8-nji dekabrda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky oýunda "Barselona" bilen myhmançylykda duşuşar. Bu oýun Lionel Messiniň we Kriştianu Ronaldunyň 947 günden soň meýdançada gabatlaşjak ilkinji duşuşygy bolup biler.

Messi bilen Ronaldu meýdançada soňky gezek 2018-nji ýylyň 6-njy maýynda "Barselona" bilen Madridiň "Realynyň" (2-2) oýnunda ýüzbe-ýüz boldular.
Oýunçylar karýeralarynda 35 gezek duşuşyp, on alty gezek Messi, on gezek Ronaldu ýeňiş gazandy. Dokuz oýun bolsa deňme-deň tamamlandy.
Şol bir wagtyň özünde, Ronaldu 132 gol bilen Çempionlar ligasynyň bütin taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy hasaplanýar, Messiniň hasabynda bolsa Çempionlar ligasynda 118 pökgi bar.