Meşhur “Aresibo” radioteleskopy ýykyldy

  • 02.12.2020 12:18
  • 17k+

Meşhur “Aresibo” radio teleskopynyň kabul ediji enjamlaryny özünde jemleýän köp tonnaly asma platformasy sişenbe güni öz agramyna ýykyldy. Bu barada Twitterde amerikan žurnalisti, meteorolog Debora Martorell habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Dostlar, “Aresibo” obserwatoriýasynyň platformasynyň ýaňy ýykylandygyny gynanç bilen habar berýärin” – diýip, ol ýazýar. Ýumrulmadan soň ýerleşdirilen suratda platforma hem, ony saklaýan tanaplar hem görünmeýär, antennanyň töwereginde bolsa ýokary göterilen tozan bulutlary bar.

Ýarym asyr mundan ozal Puerto-Riko daglaryndaky wulkan kraterinde gurlan äpet radio teleskop onlarça ýylyň dowamynda dünýäniň iň uly radio astronomiki enjamy boldy. Şu ýylyň awgust aýynda antennanyň üstünde kabul ediji enjamly kabinany saklaýan tanaplaryň biriniň üzülmegi bilen onda mesele ýüze çykyp başlady.
Şol wakanyň netijesinde “okarada” ýüz metr ululykda deşik peýda boldy. Noýabr aýynda bolsa ikinji tanap üzüldi, bu ABŞ-nyň milli fonduny meşhur teleskopyň ulanyşdan aýrylýandygyny habar bermäge mejbur etdi.
Teleskopyň gurluşygy 1960-njy ýylda başlady, onuň asyl maksady Ýeriň ionosferasyny öwrenmekden ybaratdy. Ol 1963-nji ýylda işe başlady, “Aresibonyň” kömegi bilen birnäçe açyşlar edildi, şol sanda birnäçe pulsarlar ýüze çykaryldy we Merkuriýa barada täze maglumatlar alyndy.

şu gün 20:17
1.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.2k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......